ABŞ Prezidenti Donald Tramp ABŞ-na degişli gämileriň Panama we Suets kanallaryndan tölegsiz geçmelidigini aýdyp, bu strategik geçelgeleriň ABŞ-nyň kömegi bilen gurlandygyny aýtdy.
ABŞ Prezidenti Donald Tramp şenbe güni Truth Social platformasyndan beren beýanatynda: “ABŞ-na degişli hem harby hem-de söwda gämileri Panama we Suets kanallaryndan tölegsiz geçmek hukugyna eýe bolmalydyrlar” diýip belledi.
Tramp mundan başgada: “Bu kanallar ABŞ bolmasa bolmazdy” diýip belläp, Döwlet sekretary Marko Rubio “bu ýagdaýy tiz wagtda ele almagy we hemişelik ýagdaýa getirmegi” barada görkezme berdi. ABŞ-nyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Maýkl Wals Trampyň Panama kanaly babatyndaky garaýşyny “ABŞ tarapyndan gurlan kanaly ulanmak üçin töleg bermeli däldigini” aýdyp goldady.
Panama kanaly Atlantik we Ýuwaş ummanlaryny Panamanyň üsti bilen birleşdirýän bolsa, Suets kanaly Müsürde Ortaýer deňzini we Gyzyl deňzi baglanyşdyryp, iň gysga deňiz ýollaryny emele getirýär.
Kanallaryň ikisi hem gäminiň ululygyna we ýüküne baglylykda ýüzlerçe müň dollara çykyp bilýän ýokary töleg alýar.