Ýolbaşçylar Bangladeşiň, BMG-nyň söweş sebäpli uly ýitgi çeken Mýanmanyň raýatlary üçin Mýanmanyň Rahine sebitinde ynsanperwer kömek geçelgesiniň açylmagy baradaky talbyny kabul edendigini mälim etdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Md. Towhid Hossani, ýekşenbe güni paýtagt Dakkada metbugata beren beýannamasynda “BMG, Mýanmanyň Rahine sebitine ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin ynsanperwer kömek geçelgesiniň açylmagyny isleýär. Wagtlaýyn hökümet käbir şertleri kabul edilen halatynda umuman alnanda ynsanperwer kömek geçelgesine oňyn garaýar” diýdi.
Hossain “Bu ynsanperwer kömek geçelgesi bolar. Käbir şertlerimiz bar. Kabul edilen halatynda kömek bereris” diýip belledi.
Hossain, Mýanmadaky çaknyşygyň Bangladeşiň bähbidi bilen arabaglanşyklydygyny nygtap, “Sebäbi Mýanmanyň ilatynyň bir bölegi ýurdumyza geldi we biz olary yzyna ugratmak isleýäris. Olary yzyna ugratmak üçin näme etmeli bolsa ederis” diýdi.
Bangladeş, 2017-njim ýyldaky harby operasiýalardan gaçyp Koks Bazara gelen 1,3 million arakanly bosguna ýer eýeçiligini edýär.
Gumanitar krizis
Mýanmanyň harby hökümeti Rahine sebitinde Arakan goşunynyň pitneçi toparyna basyş etmek üçin ähli ýollary ýapypdy we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdäpdi.
BMG, sebite açlyk howpynyň abanýandygy sebäpli Bangladeşden halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin geçelge açmagyny isledi.
Ynsanperwer kömek geçelgeleri raýatlara kömek bermek maksady bilen açylsada, şuňa meňzeş geçelgeleriň sebitdäki pitneçi ýada terrorçy toparlaryň howpsyz ýol hökmünde ulanmak mümkinçiligine alada bildirilýär.
Sebit neşe we bikanun ýarag söwdasy ýaly dürli jenaýatlaryň üçin bilinýän esasy liniýa hökmünde bilinýär.
Aladalar hakynda durup geçen Hossain “Geçelge diňe ynsanperwer kömegi üçin açyk bolar, ýaragyň daşalmagyna rugsat berilmez” diýdi.
Mýanmanyň Bangladeş serhedi barada durup geçen Hossain “Serhet döwletiň däl Arakan goşunynyň gözegçili astynda. Mýanmanyň merkezi hökümetiniň (huntanyň) bu ýerde hiç hili gözegçiligi ýok. Şol sebäpli öz howpsuzlymyz üçin resmi bolmadyk haýsydyr bir topar bilen aragatnaşyk saklamarys” diýdi.