Ýerli metbugatyň ýekşenbe güni beren habaryna görä Eýranyň günortasynda ýerleşýän Şahid Rajai portunda bolan elhenç partlamada ýogalanlaryň sany 25 adama ýetdi. Eýranyň döwlet telewideniýesi partlamada azyndan 1139 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Şenbe güni berilen habarda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da Şahid Rajai portunyň konteýner zolagynda ýangynyň ýüze çykandygy öňe sürüldi.
Deslapky habarlara görä partlamanyň bolan ýeriniň golaýynda ýangynly materiallaryň bardygy mälim edildi.
Şaýatlaryň habar bermegine görä, kiçi ýangyn tiz wagtda ýaýrap, 40 gradus yssy howanyň we ýangyjy maddalaryň ýygnanmagy sebäpli partlama sebäp boldy.
Strategiki taýdan möhüm bolan bu port, Hormozgan welaýatynyň günortasynda, Ormuz bogazynyň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Bender Abbas portundan takmynan 15 kilometr günorta-günbatar tarapynda ýerleşýär.