SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Ýemeniň Saada şäherindäki bosgun merkezine guran hüjüminde 30 adam ýogaldy.
Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim eden Husiler, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini nygtaýar.
ABŞ-nyň Ýemeniň Saada şäherindäki bosgun merkezine guran hüjüminde 30 adam ýogaldy.
28 أبريل 2025

Ýemendäki Husiler tarapyndan berlen beýannamada, ABŞ-nyň hüjümlerinde bosgun merkeziniň nyşaşan alynandygy, Saada şäherinde guralan hüjümde azyndan 30 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

“Al Mesira” teleýaýlymy, Içeri işler ministrliginiň beýannamasyna salgylanýan habarynda Afrikaly bosgunlaryň bolýan merkezine guralan hüjümde azyndan 30 adamyň jesediniň çykaryldygyna, köp sanly adamyň hem ýaralanandygyna ýer berdi.

Habarda, “Gözleg we halas ediş toparlary bilen Gyzyl Ýarymaý guramasy, Amerikan hüjümden soň gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýär” diýildi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM, birnäçe sagat ozal beren beýannamasynda, Ýemendäki operasiýa hakynda giňişleýin maglumatyň berilmejekdigine ünsi çekdi.

Beýannamada, “Operasiýanyň howpsuzlygy üçin, dowam edýän ýada gelejekdäki operasiýalaryz hakynda giňişleýin maglumat bermegi bilkastlaýyn ýagdaýda çäklendirik” diýildi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us