TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe, Ermenistan bilen dowam edýän kadalaşma etabyna goldaw berilmegi dogrusynda çagyryş berdi.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, “1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar meselesinde taryhy hakykatlara we halkara hukugyna bap gelmeýän ähli beýanatlary ret edýäris” diýildi.
Türkiýe, Ermenistan bilen dowam edýän kadalaşma etabyna goldaw berilmegi dogrusynda çagyryş berdi.
25 април 2025

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Türkiýäniň, Ankara bilen Ýerewanyň arasynda dowam edýän kadalaşma etabyna goldaw berilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar meselesinde taryhy hakykatlara we halkara hukugyna bap gelmeýän ähli beýanatlary ret edýäris” diýildi.

Beýannamada, şuňa meňzeş beýannamalaryň “Käbir ýurtlaryň resmileriniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary, geçmişiň gam-gussasyny syýasy maksatlar üçin ulanmak synanşygy ýalňyş we manysyz” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň hemişe dünýäniň parahatçylygyna, abadançylygyna we dialoga goldaw berendigi ýatladyldy.

Beýannamada şeýle hem “Türkiýe 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň adalatly we ylmy taýdan öwrenilmegi üçin arhiwlerini açdy we Bilelikdäki Taryh komissiýasynyň döredilmegini teklip etdi” diýildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Taryhdan duşmançylyk çykarmak isleýän radikal toparlary höweslendirmegiň” öňüni almak barada duýduryş berildi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us