Ispaniýada we Portugaliýada millionlarça adama ýaramaz täsir ýetiren elektrik toklaryň kesilmeginden soň energiýa üpjünçiligi umuman alnanda kadaly ýagdaýa geldi. Elektrik toklaryň kesilmeginiň sebäbi entek belli däl we resmiler kiber hüjüm ähtimallygyna göz öňünde tutmaýandyklaryny aýtdylar.
Ispaniýadaky we Portugaliýadaky aragatnaşyk operatorlary Iberiýa ýarym adasyna täsir ýetiren uly göwrümli elektrik toklaryň kesilmeginden soň energiýa üpjünçiliginiň kadaly ýagdaýa gelendigini habar berdiler.
Portugaliýa
Sişenbe güni Portugaliýanyň hökümeti ýurt derejesindäki elektrik tok kesilmelerinden soň 6,4 million elektrik abonentine energiýa üpjünçiliginiň kadaly ýagdaýa gelendigini habar berdi. Berlen beýanatda ähli howa menzilleriniň we otlularyň işläp başlandygy, Lissabonyň käbir ýerlerinde işleriň häzirki wagtda hem dowam edýändigi mälim edildi. Beýleki tarapdan mekdepleriň açylmagy we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň dolulygyna kadalaşmagy bilen gündelik durmuşyň kadaly ýagdaýa gelendigi beýan edildi.
Portugaliýanyň aragatnaşyk operatory REN, AFP beren beýanatynda: “Milli aragatnaşyk ulgamynyň ähli podstansiýalary gaýtadan işledildi. Toruň doly durnuklaşandygyny aýdyp bileris” diýdi.
Ispaniýa
Ispaniýanyň elektrik ulgam operatory “Red Electrica” duşenbe güni tutuş ýurt boýunça elektrik toklaryň kesilmeginden soň sişenbe güni irden ýurduň ähli elektrik islegini kanagatlandyryp bilendiklerini habar berdi.
“Ulgamyň doly kadalaşmagyny üpjün etmek üçin elektrik dolandyryş merkezimizden işlemegi dowam etdirýäris” diýip bellän Red Electrica, sişenbe güni irden sosial media platformasyndan Ispaniýadaky ähli merkezleriniň işleýändigini habar berdi.
Madrid metro tory irden sagat 08:00-da 80 göterim kuwwat bilen işleýändigini aýtsada, demir ýol infrastrukturasy operatory Adif ýurt boýunça otlylaryň köpüsiniň henizem işlemeýändigini aýtdy.
Duşenbe güni irden Iberiýa ýarymadasynyň uly bölegine ýaramaz täsir ýetiren uly göwrümli elektrik tok kesilmeleri, Ispaniýada we Portugaliýada gündelik durmuşy durmak nokadyna getirdi. Uçarlar uçup bilmedi, köpçülikleýin ulag serişdeleri we hassahanalar gündelik işlerini çäklendirmäge mejbur galdylar.