SYÝASAT
1 minut okamak
Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky çaknyşyklar iki günden bäri dowam edýär.
Hindistanyň harby goşuny, Pakistan tarapyndan ot açylmagyna degişli gaýtawulyň görkezilendigini, çaknyşykda adam pidasynyň çekilmändigini mälim etdi.
Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky çaknyşyklar iki günden bäri dowam edýär.
26 апреля 2025 г.

AFP-nyň Hindistanyň harby goşunyna ýakyn töwereklere esaslanýan habaryna görä, Hindistanyň we Pakistanyň esgerleri, jedelleşikli Kaşmir sebitinde iki ýurdy biri-birinden aýyrýan gözegçilik liniýasynda düýn gije çaknyşyklaryny dowam etdirdi.

 Hindistanyň harby goşuny, Pakistanyň pozisiýalaryndan Kaşmirdäki gözegçilik liniýasyna ýeňil ýaraglar bilen ot açylandygyny mälim etdi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, “Hindistanyň harby goşuny, kiçi ýaraglar bilen guralan hüjüme degişli gaýtawuly görkezdi” diýildi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us