TÜRKIÝE
2 minut okamak
Fidan: “Türki dünyä DKTR-na goldawyny dowam etdirer”
Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiýe bilen Türki dünýäniň arasyndaky gatnaşyklary gowşatmak ugrundaky synanşyklaryň netije bermejekdigini atdy.
Fidan: “Türki dünyä DKTR-na goldawyny dowam etdirer”
Fidan: “Türki dünyä DKTR-na goldawyny dowam etdirer” / AA
April 25, 2025

Penşenbe güni Ankarada Norwegiýanyň daşary işler ministri Espen Barth Eide bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda çykyş eden Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiýe bilen Türki döwletleriň arasyna al salmaga synanyşýan güýçleriň haýsydyr bir netije gazanyp bilmejekdigini nygtady.

Fidan çykyşynda: “Biziň bilen Türk dünýäsi arasyna nifak sokmak isleýänleriň manipulýasiýalary üstünlik gazanyp bilmez” diýdi.

Ministr Fidan şeýle hem: “Türk dünýäsi, Kipr türklerini goldamaga dowam eder. Biz bu ugurdaky syýasatymyzy sabyrlylyk bilen dowam etdireris” diýip belledi.

Fidan, Gaza bilen bagly mesele hakynda durup geçip, 50 günüň dowamynda Gazanyň agyr şertleri başdan geçirýändigini we oňa ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeýändigini aýtdy. Ol: “Açlyk ne bir ýarag, ne-de jeza serişdesi hökmünde ulanylmaly däl” diýip, nygtady.

Norwegiýanyň daşary işler ministri Espen Barth Eide bolsa Gaza baradaky halkara jemgyýetçiliginiň “dymmalygyna” alada bildirip, köp sanly ünbatar ýurtlarynyň bu meselede anyk pozisiýa eýelemezliginiň ýalňyşlykdygyny aýtdy.

Diplomatik gatnaşyklaryň 100 ýyllygy

Fidan çykyşynda 2026-njy ýylyň Türkiýe bilen Norwegiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryna 100 ýylyň doljakdygyny mälim edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak ugrunda güýçli islegiň bardygyny aýtdy.

Ministr hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky tagallalara ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň eýýäm 1 milliard dollardan geçendigini hem-de şol mukdaryň has-da artdyrylmagy üçin “irginsiz işleýändiklerini” nygtady.

Fidan deňiz transportynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridigini belläp, türk gämileriniň  esasan Norwegiýanyň gämi gurluşyk kärhanalarynda gurulýandygyny aýtdy.

Ministr sözüniň ahyrynda, goranyş senagatyndaky ösüşleriň hem möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, iki ýurduň kompaniýalarynyň täze hyzmatdaşlyklara höweslendirilýändigini belledi. Şeýle-de energetika pudagyndaky heniz peýdalanylmaýan mümkinçiliklere ünsi çekdi.

Fidan energetika pudagyndaky heniz doly peýdalanylmaýan mümkinçilikler barada durup geçip, bu ugurda hem hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de ol, Türkiýäniň terror guramasy bolan PKK we FETO bilen göreşinde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady we bu meselede Norwegiýanyň goldawynyň möhümdigini belledi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us