Pakistanyň goşuny esgerleriniň Owganystan bilen demirgazyk-günbatar serhedinden ýurda girmäge synanyşýan 54 söweşijini öldürendigini aýtdy.
Ýurduň goşunynyň ýekşenbe güni beren beýanatyna görä: "Pakistan-Owganystan serhedinden geçmäge synanyşýan uly toparyň hereketi ... demirgazykdaky Haýber Pahtunhwa welaýatynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýüze çykaryldy" diýildi.
“Söweşiji topar esasan hem daşary ýurtly hojaýynlarynyň buýrugy bilen Pakistanyň serhetleriniň çäginde ýokary derejeli terrorçylykly aksiýalar amala aşyrmak üçin girmäge synanyşýardy” diýip bellenen beýanatda 54 söweşijiniň öldürilendigi mälim edildi.
Beýanatda: “Hindistanyň Pakistana garşy esassyz aýyplamalar edýän döwründe söweşijileriň bular ýaly aksiýalar amala aşyrmagy, söweşijileriň kimiň buýrugy bilen hereket edýändiklerini açyk aýdyň görkezýär” diýildi.
Pakistan Talibanyň 2021-nji ýylda Yslamabadyň hüjümçileriň indi gaçybatalga tapandyklaryny öňe süren goňşy Owganystanda häkimýetiň başyna geçmegi bilen birlikde artan başbozarlyga sezewar bolýar.
Pakistanyň goşuny ýekşenbe güni Haýber Pahtunhwa girmäge synanyşýan söweşijilerden "köp mukdarda ýarag, ok-däri we partlaýjy madda" ele salnandygyny aýtdy.
Waka welaýatda 2 esgeriň ýogalan 3 aýry çaknyşykda 15 söweşijiniň öldürilmeginden 1 gün soň başdan geçirildi.
“Daşary ýurtly hojaýynlar”
AFP tarapyndan berilen maglumatlara görä täze ýylyň başyndan bäri Haýber Pahtunhwa we Bulujystan welaýatlarynda hökümede garşy söweşýän ýaragly toparlar tarapyndan guralan hüjümlerde aglabasy howpsuzlyk güýçlerinden ybarat 200-den gowrak adam öldürildi.
Ýurduň Içeri işler ministri Muhsin Nakwi ýekşenbe güni Lahor şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda söweşijileriň “daşary ýurtly hojaýynlarynyň Pakistana girmäge mejbur edendigini” aýtdy.
Nakwi: “Esgerlerimiz olara 3 aýry ýerden hüjüm etdi we 54 söweşijini öldürdi. Şu günki güne çenli dowam eden operasiýaardaky iň uly görkeziji, ozal hiç wagt bular ýaly uly görkeziji bolmandy” diýdi.