TÜRKIÝE
2 minut okamak
Prezident Erdogan: 200 müň siriýaly bosgun dekabr aýyndan bäri öz ýurtlaryna dolandy
Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Siriýa dikelip başlansoň, gaýdyp gidenleriň sany artmaga başlady” diýdi
Prezident Erdogan: 200 müň siriýaly bosgun dekabr aýyndan bäri öz ýurtlaryna dolandy
29 април 2025

Prezident Erdogan geçen ýylyň 9-njy dekabryndan bäri Türkiyeden öz ýurtlaryna gaýdyp gidenleriň sanynyň 200 müňe ýetendigini habar berdi.

Duşenbe güni Türkiyäniň Asyrynda Migrasiýa dolandyryşy temaly çärede eden çykyşynda Erdogan: “Tapawutly kynçylyklara, päsgelçiliklere we sabotažlara garamazdan Siriýa assa-ýuwaş dikelýär” diýdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Siriýa dikelip başlansoň, gaýdyp gidenleriň sany artmaga başlady” diýdi.

Erdogan mundan başgada duşenbe güni X platformasyndan beren beýanatynda öz watanyna meýletin, howpsuz we mertebeli dolananlaryň umumy sanynyň 931 müň 450 adama ýetendigini aýtdy.

Erdogan, Türkiyänyň soňky asyryň iň uly ynsanperwer synaglaryndan birini üstünlikli geçirmeginden buýsanýandygyny aýtdy.

"Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 3,6% migrant bolup ýaşaýar"

Halkara Migrasiýa guramasynyň maglumatlaryna görä häzirki wagtda dünýäde 281 milliondan gowrak migrantyň bardygyny aýdan Erdogan migrant işçileriň sanynyň 165 milliondan geçendigini habar berdi.

Uruşlaryň täsiri sebäpli bosgunlaryň sanynyň soňky üç-dört ýylda 120 milliona ýetendigini aýdan Erdogan: "Maglumatlar çaknyşyk, sütem ýa-da terror sebäpli her minutda azyndan 20 adamyň başga ýerlere göçmäge mejbur bolýandygyny görkezýär" diýdi.

Erdogan häzirki wagtda dünýä ilatynyň 3,6 göteriminiň migrant bolup ýaşaýandygyny belläp, uruşlaryň uzaga çekmegi, krizisleriň çözülmezligi we howanyň üýtgemeginiň täsiriniň çuňlaşmagy sebäpli şol görkezijileriň tiz depginler bilen artýandygyny mälim etdi.

Türkiye 4 million siriýalyny myhman aldy

Erdogan: “Adamlary göçmäge mejbur eder esasan hem Günbatar güýçleriň syýasatlary bolmagyna garamazdan, iş ýüküni paýlaşmak meselesinde hiç birini görüp bilmersiňiz” diýip belläp, dünýädäki bosgunlaryň 75 göteriminiň baý ýurtlar tarapyndan däl, eýsem pes we orta girdejili ýurtlar tarapyndan kabul edilýändigini aýtdy.

Siriýadaky13 ýyllyk içerki söweşde Türkiye beýleki ýurtlara garanyňda 4 milliona golaý siriýalyny myhman aldy.

25 ýyl töweregi Siriýany dolandyran Başar Asad, 1963-nji ýylda başlanan Baas partiýasynyň onlarça ýyllyk dolandyryşyny bes edip, dekabr aýynda Russiýa gaçdy.

Ýanwar aýynyň ahyrynda köne konstitutsiýa, howpsuzlyk hyzmatlary, ýaragly toparlar, mejlis we Baas partiýasyny ýatyrýan geçiş hökümeti döredildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us