SYÝASAT
2 minut okamak
Trump Karnini saýlaw ýeňşi bilen gutlady we liderler özara duşuşyk üçin ylalaşdylar
ABŞ-nyň Prezidenti Kanadanyň täze Premýer-ministri Mark Karnini ýeňşi bilen gutlady; liderler ýakyn gelejekde duşuşmak üçin ylalaşyp, özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Trump Karnini saýlaw ýeňşi bilen gutlady we liderler özara duşuşyk üçin ylalaşdylar
Trump Karnini saýlaw ýeňşi bilen gutlady we liderler özara duşuşyk üçin ylalaşdylar / Reuters
il y a 7 heures

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karnini soňky saýlaw ýeňşi bilen gutlady

Liderler Kanadanyň we ABŞ-nyň özara bähbitleri üçin garaşsyz, özygtyýarly döwletler hökmünde bilelikde işleşmeginiň ähmiýeti barada ylalaşdylar.

Sişenbe güni berilen beýanatda “Liderler şol maksada laýyklykda ýakyn gelejekde özara duşuşmak hakynda ylalaşdylar” diýilýär.

Telefon söhbetdeşligi Kanadanyň Liberal partiýasynyň duşenbe güni geçirilen federal saýlawlarda ýeňiş gazanmagyndan soň geçirildi. Bu ýeňiş hâkimiyet başyndaky partiýa ýene-de dört ýyllyk ygtyýar gazandyrdy we Trampyň salgyt syýasaty hem-de Kanadany Amerika biriktirmek bilen bagly beýanatyna garamazdan Karniniň liderligine bolan ynamyny tassyklady.

Liberal lider ozal Waşingtona diňe Kanadanyň özygtyýarlygyna sarpa goýýan “çynlakaý gepleşik” üçin barjakdygyny aýdypdy.

Kanadanyň resmi we garaşsyz saýlaw edarasy “Elections Canadanyň” ýaýradan deslapky netijelerine görä Liberal partiýa sesleriň 43.5 göterimini alyp, ýeňiş gazandy.

Liberal partiýa Awam kamarasyndaky 343 kürsüden 169 sanysyny eýeledi, emma ol özbaşdak hökümet gurmak döretmek üçin gerek bolan 172 kürsi üçin ýeterlik bolmady.

Oppozisiýadaky birinji partiýa bolan Konserwatiw partiýa bolsa, sesleriň 41.4 göterimini alyp, 144 kürsi eýeledi.

Liberal partiýa 4 saýlawdan bäri birinji orny eýeläp gelýar. Soňky gezek parlament köplügini 2015-nji ýylda eýeläpdi.

ABŞ Kanadanyň harytlary üçin esasy bazarlardan biri bolup durýar, Kanadanyň eksportynyň takmynan 75 göterimi günorta serhetden geçýär.

 Muňa garamazdan, Kanada ABŞ eksportynyň 17 göterimini kabul edýär.

 Kanada ABŞ-na çig nebit boýunça iň  esasy üpjün ediji bolup durýar. 2024-nji ýylda ABŞ-nyň Kanada bilen 45 milliard dollarlyk söwda ýetmezçiligi esasan ABŞ-nyň energiýaserişdelerine bolan  zerurlyklary bilen baglydyr.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us