BMG, Kaşmiriň Hindistanyň gözegçiligi astyndaky sebitde 26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň artan Hindistan-Pakistan dartgynlygynda parasatly çemeleşilmegi üçin çagyryş berdi.
BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dužarriç, penşenbe güni beren beýannamasynda, Baş Sekretar Antoniu Gutereşiň soňky 24 sagatda hökümetler bilen aragatnaşyk saklamandygyny emma mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we alada bildirýändigini belledi.
“Biz aprel aýynyň 22-de Jammu we Kaşmirde guralan we köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardyk” diýen Dužarriç, iki höküme dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden çetde durmaklaryny maslahat berendiklerini belledi.
Dužarriç “Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky meseleleriň giň gerimli gepleşikler netijesinde parahatçylykly ýagdaýda çözüljekdigine ynanýarys” diýdi.
26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm Hindistanda halkyň gahar gazabyna sebäp boldy. Halkyň arasynda ýurduň esasy duşmany hökmünde görülýän Pakistana garşy herekete geçirilmegi üçin berilýän çagyryşlar artdy. Sebite 500 müňden gowrak esger ornaşdyran Hindistan, ady agzalýan hüjümiň Pakistan bilen arabaglanşygynyň ýokdygyny öňe sürsede muny tassyklamak üçin hiç hili subutnama hödürlemedi.
Pakistan hüjüm bilen arabaglanşygynyň bardygy hakyndaky garaýyşlary ret etdi. Hindistanda häkimiýetiň başyndaky BŽP-e partiýasyna ýakyn töwereklere görä (The Resistans Frant) topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, emma bu garaýyş tassyklanmady.
ABŞ mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Temmi Braýs, Prezident Donald Trampyň Hindistana goldaw berýändigini we terrorçylykly hüjümleri ýazgarýandygyny ýene-de bir gezek gaýtalady.
Braýs “Prezident Tramp we Döwlet sekretary Rubio bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar. ABŞ Hindistana goldaw berýär we ähli terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýar. Ýogalanlara gynanç bildirýäris we ýaralananlara şypa dileýäris. Bu elhenç hüjümiň jogapkärleriniň adalata boýun egmegi üçin çagyryş berýäris” diýdi.
Pakistanda protestler
Penşenbe güni Pakistanyň çar tarapynda Kaşmiriň Pakistanyň gözegçiligi astyndaky sebitiň başda durmagynda ýüzlerçe pakistanly Hindistanyň hemlelerine garşy geçirlen protest ýörişine gatnaşdy.
Pakistanly işewür adamy Ažmal Baloç, Lahorda dini partiýa tarapyndan 700 adamyň gatnaşmagynda geçirlen protest ýörişinde AFP habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Eger Hindistan söweşmek isleýän bolsa onda muny açyk-aýdyň beýan etsin” diýdi.
Hindistan, iki goňşu ýurduň arasyndaky suw üpjünçiligini kesgitleýän İndus su şertnamasyny bes etjekdigini mälim etdi, emma derýanyň Pakistana tarap akmagynyň çäklendirilmegi mümkin däl.
25 ýaşyndaky pakistanly Muhammed Owais, “Suw biziň esasy hukugymyz we Allanyň goldaw bermeginde, söweş arkaly bolsada biz bu suwy yzyna alarys we egilşik etmeris” diýdi.