BMG-nyň Boýunlar boýunça ýokary agentligi UNHCR sişenbe güni beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň daşary ýurt kömeklerini çäklendirmegi sebäpli Meksikada 4 merkeziniň ýapylandygyny mälim etdi.
BMG-nyň Boýunlar boýunça ýokary agentliginiň Meksikadaky wekili Giowanni Lepri, Trampyň adminstrasiýasy tarapyndan berilýän kömekleriň çäklendirilmegi sebäpli agentligiň ýurtadaky işleri üçin bölünen berlen bujetiň 60 göterim azalandygyny aýtdy.
Karar sebäpli 190 adam işden çykaryldy. Žalisko we Chiapas sebitlerindäki merkezler ýapyldy. Guatemala serhedinde ýerleşýän iki merkeziň işleri saklandy.
Bu sebit, Günbatar Ýarymşarda iň köp bosguny kabul edýändigi sebäpli diýseň möhüm. 2024-nji ýylda Chiapas sebitinde baş penalyk üçin ýüz tutanlaryň sany 67 göterime çenli baryp ýetdi. 2025-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda wezipesine girişen Prezident Donald Tramp, döwlet çykdajylarynyň mukdarynyň azaldyljakdygyny mälim edipdi. Şol çäreler milliarder Elon Maskyň ýolbaşçylyk edýän täze gurlan hökümetiň Netijeliligi departamenti arkaly durmuşa geçirildi.
Şol departament daşary ýurt kömekleri bilen birlikde käbir ugurlar beriljek kömekleri çäklendirmegi nazarda tutýar. Tramp ABŞ-nyň daşary ýurt kömeklerini 60 milliard dollara çenli çäklendirjekdigini we ABŞ-nyň Halkara kömek agentliginiň ýapyljakdygyny mälim edipdi. ABŞ-nyň berýän daşary ýurt kömekleri, Meksiadan geçýän bosgunlara goldaw bermekde uly rol oýnaýardy.
BMG-nyň Boýunlar boýunça ýokary agentligi UNHCR-iň 2024-nji ýylyň noýabr aýynda taýarlan habarnamasyna görä, ABŞ agentligiň Meksikadaky operasiýalary üçin 58 milliard dollarlyk kömek berdi.
Meksikanyň hökümeti sişenbe güni beren beýannamasynda, Trampyň wezipesine girişmeginden soň 38 müň 757 adamyň Meksika yzyna ugradylandygyny mälim etdi. Şolaryň 33 müň 311-i Meksikanyn raýaty, 5 müň 446-y bolsa daşary ýurtly.