Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Stambul şäherinde Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri Kristofer Luksany kabul etdi.
Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasyndan beren beýnnamasynda, Dolmabahçede bolan kabul edilşikde Türkiýe bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleleriň seljerlendigi nygtaldy.
Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky taryhy dostukly gatnaşyklara ünsi çekdi we Täze Zelandiýany Ýuwaş Umman sebitinde esasy hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini belledi.
Erdogan, iki ýurduň arasynda esasan söwda, ulaglar we goranyş senagaty ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini nygtady.
Dünýäniň uly kynçylygy başdan geçirýändigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin tagalla edýändigini, iki döwletli çözgüdiň sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnajakdygyny ýatlatdy.
Kabul edilşige Daşary işler ministri Hakan Fidan, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen Prezidentiň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça kömekçisi Akif Çagataý Kylyç hem gatnaşdy.
Çanakkala meýdan söweşleriniň 110 ýyllygy mynasibetli we Anzak hatyralama çärelerine gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Luksan, Dolmabahçe köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.
Prezident Erdogan myhmanynyň hormatyna agşam naharyny berdi.