SYÝASAT
2 minut okamak
Russiýanyň Kiýewe guran hüjüminde Demirgazyk Koreýada öndürlen raketalaryň ulanylandygy öňe sürüldi.
Zelenskiý “Ilkinji maglumatlara görä, ruslar Demirgazyk Koreýada öndürlen balistiki raketa ulandy. Ýörite güýçlerimiz bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.
Russiýanyň Kiýewe guran hüjüminde Demirgazyk Koreýada öndürlen raketalaryň ulanylandygy öňe sürüldi.
April 25, 2025

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýanyň düýn gije Kiýewe guran hüjümleriniň 12 adamyň ýogalmagyna we 90 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny we hüjümlerde Demirgazyk Koreýada öndürlen balistiki raketanyň ulandygyny öňe sürdi.

Zelenskiý, penşenbe güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ilkinji maglumatlara görä, ruslar Demirgazyk Koreýada öndürlen balistiki raketa ulandy. Ýörite güýçlerimiz bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar”diýdi.

Zelenskiý öňe sürülýän garaýyşlar tassyklanan halatynda, bu raketanyň ulanylmagy Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň jenaýat häsiýetini görkezjekdigi barada duýduryş berdi.

Ukraina ozal Kiýewe ruslar tarapyndan guralan raketa hüjüminde 10 adamyň ýogalandygyny we 90 adamyň ýaralanandygyny mälim edipdi. Geçirlen gözleg we halas ediş işlerinde ýene-de iki adamyň jesedi tapyldy.

Kiýew şäheriniň Harby adminstrasiýasynyň başlygy Timur Tkaçenko, Telegramdan beren habarnamasynda “Gözleg we halas ediş topary Swýatoshynskiý etrapçasynda harabalygyň aşagynda ýene-de iki adamyň jesedini tapdy. Ýogalanlaryň sany 12 adama ýetdi” diýdi.

Timur Tkaçenko, hüjümde 90 adamyň hem ýaralanandygyny we ýaralananlaryň asyndan azyndan 12 çaganyň bardygyny belledi.

Timur Tkaçenko, hüjümde Golosiýwskiý, Şewçenkowskiý, Solomýanskiý, Obolonskiý we Desnýanskiý etrapçalarynyň hem nyşana alynandygyny ýatlatdy.

Ukrainanyň Howa güýçleri, howa goranyş ulgamlarynyň düýn gije Russiýa tarapyndan atylan 70 raketadan 48-ni we 145 uçarmansyz howa ulagyndan 64-ni hatardan çykarandyklaryny mälim etdi.

Tramp, Putine hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine Ukraina guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi. Trampyň rus liderini tankyt etmegi ünsleri özüne çekdi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň hyzmatdaşlaryna rus basyp alyşlygynyň ortadan aýrylmagy üçin edilýän basyşlaryň artdyrylmagy dogrusyndaky çagyryşyndan soň Trampyň Putine beren bu çagyryşy ünsleri özüne çekdi.

“Men rus hüjümlerinden hoşal däl” diýen Tramp, sosial mediadan beren habarnamasynda “ Hüjümlere hajat ýok we wagty hem örän ýalňyş. Wladimir DUR!” diýdi.

Russiýa goldaw bermekde günäkärlenýän we ýygy-ýygydan Zelenskiýni tankyt edýän Tramp, žurnalistleriň Moskwanyň söweşi bes etmegi üçin gepleşiklerde nähili egilşigiň edilendigi hakyndaky soragyna “Tutuş ýurdy basyp almakdan ýüz öwürmek-bu örän uly egilşik” diýip jogap berdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us