ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Watikanda Ukrainanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynyň ertesi güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainada ot açmagy bes etmegini we parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmegini isleýändigini belledi.
Tramp wezipä girişmeden ozal Russiýa-Ukraina urşuny bir günüň içinde bes etdirip biljekdigini öňe sürüpdi. Emma wezipä girişeninden soň urşy bes etmek üçin başladan diplomatik başlangyçlary häzirki wagta çenli netijeli bolmady.
Wezipä girişmeden ozal Russiýa-Ukraina urşuny bes etdirip biljekdigini öňe süren Tramp, wezipä başlanyndan soň çaknyşyklary bes etdirmek üçin diplomatik göçümler etmäge başlady.
Ýekşenbe güni Tramp, Rimde Papa Fransiskiň jynaza çäresine gatnaşanyndan soň Waşingtona gitmek maksady bilen Morristown howa menzilinde Air Force One uçaryna münmeden ozal metbugat işgärleriniň Ukraina urşy bilen bagly soragyna Tramp: “Putiniň ot açmagy bes etmegini, oturyp ylalaşyk baglaşmagyny isleýärin” diýdi.
Tramp Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen jynaza çäresinde duşuşyk geçirdi. Bu iki lideriň fewral aýynda Ak Tamda geçirilen duşuşygyndan soň ilkinji gezek ikiçäk duşuşygy boldy.
Tramp Sankt-Pýotr bazilikasynda geçirilen gysga duşuşygyndan soň, Putiniň ukrainanyň gündogarynda uly weýrançylyga we on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan urşy bes etmek niýetine şübhe bildirdi.
Tramp ýekşenbe güni şeýle hem 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Gara deňiz ýarymadasyndaky Krym bilen bagly soraga: “Hawa meniň pikirimçe şeýle” diýip, Zelenskiýniň bu topraklardan ýüz öwürmäge taýýardygyny beýan etdi.