SYÝASAT
1 minut okamak
Putin, Kurskyň yzyna alynmagyna goldaw beren demirgazyk koreýaly esgerlere minnetdarlyk bildirdi.
Russiýanyňn Prezidenti Wladinir Putin “Koreýaly dostlarymyz adalat üçin hakyky dostluk duýgusy bilen hereket etdiler” diýdi.
Putin, Kurskyň yzyna alynmagyna goldaw beren demirgazyk koreýaly esgerlere minnetdarlyk bildirdi.
April 28, 2025

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu gün beren beýannamasynda, geçen ýylyň awgust aýynda Ukrainanyň guran hüjüminde ele geçirlen Kurskyň yzyna alynmagyna goldaw beren Demirgazyk Koreýa, Moskwa beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirýändigini belledi.

Kreml tarapyndan berlen beýannamada, Demirgazyk Koreýanyň harby goşunynyň, Ukrain güýçleriniň sebitden çekilmeginde uly rol oýnandygyna üns çekilip, bu goldawyň “halkara hukuk kadalaryna we Moskwa bilen Phenýanyň arasynda 2024-nji ýylyň noýabr aýynda baglaşylan strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna bap gelýändigi nygtaldy.

Putin “Koreýaly dostlarymyz adalat üçin hakyky dostluk duýgusy bilen hereket etdi. Beren goldawlary üçin sag bolsun aýdýarys we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ine, Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň ähli ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirýäris” diýip belledi.

Demirgazyk Koreýaly esgerleriň batyrgaýlyk bilen hereket edendigini nygtan Putin, “Olar wezipelerini hormat we batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirip, öçmejek yz galdyrdylar” diýdi.

Putin, iki ýurduň arasyndaky dostlulygyň, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ünsi çekdi.

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Walery Gerasimow, şenbe güni beren beýannamasynda, Russiýanyň Kurskyň gözegçiligini ele geçirendigini nygtap, sebitdäki harby operasiýalara gatnaşan demirgazyk koreýaly esgerlere minnetdarlyk bildiripdi.

Bu, Demirgazyk Koreýanyň  2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan Russiýa-Ukraina söweşinde Moskwa goldaw berýändigini resmi taýdan tassyklan ilkinji beýanat boldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us