Gurama duşenbe güni çap eden hasabatynda, Ysraýyly Gazzadaky palestinalylara garşy “göni ýaýlymda görkezilýän genosid” amala aşyrmakda resmi taýdan günäkärledi. Hasabatda aýdylmagyna görä Ysraýyl ilatyň esasy bölegini mejbury görnüşde ýerlerinden göçürip, bilkastlaýyn agyr ynsanperwer betbagtçylyk döredip, genosid jenaýatyny işleýär.
Ysraýyl bu günäkärlemeleri— ýagny Gazzadaky uruşda genosid amala aşyrýar diýlen garaýyşlary — Halkara Günägeçişlik Guramasy käbir adam hukuklaryny goraýjy guramalar we döwletler tarapyndan öňe sürilýän hem bolsa, ret edýär.
Guramanyň baş sekretary Agnes Callamard beren beýanatynda şeýle diýdi: “Döwletler Ysraýylyň müňlerçe palestinalyny öldürmegine, maşgalalary ýok etmegini, öýleri, iş ýerlerini, hassahanalary we mekdepleri ýumurmagyna diňe umytsyzlyk bilen syn etdi.”
"Agyr ejir"
Hasabatda Ysraýylyň Gazadaky urşunyň netijesinde palestinalylaryň esasy böleginiň: ýerlerinden göçürilendigi, öýsüz, aç, ölüm howply keseller bilen ýüzbe-ýüz bolandygy, saglyk hyzmatlaryna, elektrik energiýasyna we arassa agyz suwuna elýetersizdigi bellenilýär.
Halkara Günägeçişlik Guramasy 2024-nji ýylyň dowamynda Ysraýylyň: raýatlara we raýat desgalaryna gönükdirilen hüjümler, tapawu goýmazdan edilen agyr zarbalar ýaly birnäçe harby jenaýatlaryny doly resmileri bilen subut edendigini aýtdy.
"Ozal görülmedik ynsanperwer heläkçilik"
Hasabatda Ysraýylyň hereketleriniň netijesinde Gazzanyň ilatynyň 90 göteimine golaýyny emelşe getirýän 1,9 million palestinalynyň zor bilen ýerinden göçürilendigi we bu ýagdaýyň “ozal görülmedik derejede agyr ynsanperwer betbagtçylykdygy” nygtalýar.
Hasabatda şeýle diýilýär:
“Dünýäniň dürli künjegindäki hökümetlere — ýekelikde we bilelikde — bu wagşylygy bes etmek üçin tutanýerli başlangyç etmek başartmady, hatda atyşygy bes etmek boýunça çagyryş üçin hem haýal hereket etdiler.”
Ysraýyl Günbatar Şeriadaky hereketleri sebäpli hem tankytlanýar
Şeýle-de gurama Ysraýylyň Basyp alnan Günbatar Şeriadaky hereketlerine hem ünsi çekip, ony "aparteid" (ýagny yzgiderli etniki diskriminasiýa) sebäpli günäkärledi.
Hasabatda bu barasynda şeýle diýilýär: “Ysraýylyň aparteid ulgamy Günbatar Şeriada barha güýçlenýär. Bu ýagdaý, kanuna garşy adam öldürmeler we ysraýylly bosgunlaryň palestinaly raýatlara garşy döwlet tarapyndan goldanylýan hüjümleriniň çalt depginde artmagy sebäpli ýüze çykýar.”