DÜNÝÄ
1 minut okamak
Şwesiýanyň Uppsala şäherinde guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy
Skandinawiýa ýurdy bolan Şwesiýada garşydaş jenaýatçy toparlaryň arasynda köp sanly meseläni çözmek üçin amala aşyrylýan ýaragly hüjümleriň we bombalama wakalaryny gözegçilik astyna almakda kynçylyk çekýär.
Şwesiýanyň Uppsala şäherinde guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy
منذ 6 ساعات

Polisiýa gullugy Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmyň demiragzygyndaky şäherleriň birinde 3 adamyň atylyp öldürilendigini habar berdi.

Polisiýa paýtagt Stokgolmdan takmynan 60 km demirgazykda ýerleşýän Uppsalanyň merkezinde ýarag sesleriniň eşidilendigi barada maglumat alandyklaryny we birnäçe adamyň ýaragly hüjümiň netijesinde ýaraly ýagdaýda tapylandygyny mälim etdi.

Berlen soňky beýanatda polisiýa gullugy: “Ýaragly hüjümiň netijesinde 3 adamyň ýogalandygy tassyklandy” diýip belläp, waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi.

SVT döwlet telewideniýesi şaýatlaryň hüjümçileriň biriniň skuter bilen gaçandygyny aýdandyklaryny habar berdi.

TV4 kanaly bolsa ýaragyň sesleriniň şäheriň merkezindäki dellekhanalaryň birinde eşidilendigini mälim etdi.

Şaýatlar kanala bäş sany ýarag sesiniň eşidilendigini we dürli tarapa gaçýandyklaryny aýtdylar.

Transport ulgamynyň resmileri Uppsala şäherine barýan we ondan çykýan ähli otly saparlarynyň wagtlaýyn togtadylandygyny beýan etdiler.

Skandinawiýa ýurdy bolan Şwesiýada garşydaş jenaýatçy toparlaryň arasynda köp sanly meseläni çözmek üçin amala aşyrylýan ýaragly hüjümleriň we bombalama wakalaryny gözegçilik astyna almakda kynçylyk çekýär.

Jenaýatçylar esasan hem 15 ýaşyndan kiçi, ýagny Şwesiýanyň jenaýat jogapkärçilik ýaşyndan kiçi bolan ýaşlardan ybaratdyrlar we şolar killer hökmünde ulanylýar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us