Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Kataryň Emiri we premýer ministri bilen Gaza krizisi sebäpli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we sebitleýin diplomatiýany koordinasiýa etmek barada gepleşikler geçirer.
Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň Katara gurajak saparynyň çäginde Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen Kataryň premýer ministri we daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşyklar geçirjekdigi habar berildi.
Türkiyäniň daşary işler ministrliigniň habar çeşmelerine görä, gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi we sebitleýin hadysalar babatynda koordinasiýanyň artdyrylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Ýekşenbe güni geçiriljek maslahatdan soň Kataryň premýer ministri bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hakan Fidan soňky gezek bolsa fewral aýynda Katarda saparda bolupdy. Kataryň premýer ministri we daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bolsa şu aýyň başynda Türkiyä sapar gurap, Antalýada Hakan Fidanyň ýer eýeçilik etmeginde geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gaza aragatnaşyk toparynyň maslahatyna gatnaşypdy.
Iki taraplaýyn söwda
Türkiye bilen Katar 2014-nji ýylda döredilen strategik hyzmatdaşlyk arkaly soňky on ýylda gatnaşyklaryny giňeltdi. Iki ýurt yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklary geçirýär we dürli ugurlarda 100-den gowrak ylalaşyga gol çekdi.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad al Sani tarapyndan bilelikde baştutanlyk edilýän Ýokary Strategik Komitetiň soňky mejlisi 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Ankarada geçirilipdi. Indiki mejlisiň şu ýyl Kataryň paýtagty Dohada geçirilmegine garaşylýar.
Ankara bilen Doha sebitleýin konfliktlere, esasan hem Palestinada we Siriýada bolup geçýän wakalara meňzeş çemeleşýärler.
Iki hökümet hem Ysraýylyň Gaza hüjümleriniň bes edilmegine çagyryş berip, Gaza aragatnaşyk topary ýaly köptaraplaýyn toparlar arkaly bilelikde işlerini dowam etdirýärler.
Türkiye-Katar iki taraplaýyn söwda mukdary 2024-nji ýylda 1 milliard dollardan geçipdi.