SYÝASAT
1 minut okamak
Eýranyň Bender Abbas şäherinde uly partlama boldy.
Ilkinji kesgitlemelere görä, Şehid Rejai portunda bolan partlamada adam pidasy çekilmedi.
Eýranyň Bender Abbas şäherinde uly partlama boldy.
26 Απρίλιος 2025

Şenbe güni Eýranyň günortasynda ýerleşýän Bender Abbas şäherindäki Şehid Rejasi portunda uly partlama boldy. Partlamada 115 adam ýaralandy.

Eýranyň Omanda ABŞ bilen ýadro gepleşikleriniň üçünji tapgyryny geçirýän pursatlarynda bolan partlamanyň sebäbi heniz bilinmeýär.

Ýerli krizis dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy mesele hakynda beren beýannamasynda “Şehid Rejai portunda garaşýan birnäçe konteýnerde partlama boldy. Wakada ýaralananlar saglygy goraýyş merkezlerine ugradylýar” diýdi.

Ýarym resmi “Tasnim” habarlar gullugy, ýangyn söndüriş işleri sebäpli portunyň işleriniň saklanandygyny, portda işleýänleriň sanynyň köp bolandygy sebäpli partlamada ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigini mälim etdi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, partlama birnäçe kilometr alysda ýerleşýän binalaryň aýnalarynyň döwülmegine sebäp boldy.

2020-njy ýylda şol portuň kompýuter ulgamlaryna kiber hüjüm guralypdy. Kiber hüjüm porta tarap barýan ýollarda uly dykylşyga sebäp bolupdy.

“Waşington Post” gazeti, bu wakanyň arkasynda ozal Eýran tarapyndan guralan kiber hüjümden aryny almak isleýän Ysraýylyň bolup biljekdigini mälim edipdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us