DÜNÝÄ
1 minut okamak
Rus general Moskwanyň golaýynda bombaly ulag bilen guralan hüjümde öldürildi.
Ozal guralan käbir hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan Kiýew, şu gün guralan hüjüm hakynda hiç hili beýannama bermedi.
Rus general Moskwanyň golaýynda bombaly ulag bilen guralan hüjümde öldürildi.
26 اپریل 2025

Anna güni Moskwanyň golaýynda bomba ýüklenen ulagyň ýarylmagy ýokary çinli rus generalyň ýogalmagyna sebäp boldy. Ýurtda esasy jenaýatlary derňeýän Derňew komiteti waka bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Ýolbaşçylar Russiýanyň Baş ştabynyň Operatiw bölüminiň başlygynyň orunbasary general-leýtenant Ýaroslaw Moskaligiň bombaly hüjümde ýogalandygyny mälim etdi.

Derňew komiteti Moskwanyň gündogarynda ýerleşýän Balashikha şäherçesinde köp gatly binanyň öňünde duran Wolkswagen Golf awtoulagynyň ýarylmagyndan soň, jenaýat we partlaýjy serişdelerini bikanun ýagdaýda ýurda getirmek boýunça işiň gozgalandygyny aýan etdi.

Sosial mediada ýaýradylan wideo ýazgylarda wakanyň bolan ýerinde ulagyň dolulygyna ýanandygy görülýär.

“Agentstowo” habarlar saýty, general-leýtenant Ýaroslaw Moskaligiň Balashikha şäherçesinde ýaşaýandygyny emma ýarylan ulagyň oňa degişli bolmandygyna ünsi çekdi.

“Izwestia” gazetiniň howpsuzlyk kemalaryndan alnan wideo ýazgylarynda,  uly partlamanyň bolandygy görülýär. Partlamanyň bolan wagty bir adamyň ulaga tarap barýandygy hem görülýär.

Derňewçiler, “Partlamada uly zyýan ýetirmek üçin metal bölekler bilen doldurlan we ýörite taýarlanan partlaýjy enjam ulanyldy” diýdi.

Rus çeşmelerinde berlen resmi maglumatlara görä, Moskalik 2015-nji ýylda Ukrain güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň arasynda “Normandiýa formatynda” geçirlen gepleşiklere Russiýanyň harby wekili hökmünde gatnaşypdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, 2021-nji ýylda Moskalige general-leýtenant çinini beripdi.

Kiýew ozal şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy. Emma anna güni guralan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us