SYÝASAT
2 minut okamak
Demirgazyk Koreýa, Russiýanyň Kursk sebitine esger ugradandygyny tassyklady.
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň ýeňilişe sezewar edilmeginde Demirgazyk Koreýaly esgerleriň görkezen gahrymançylygy barada öwgüli sözler aýtdy.
Demirgazyk Koreýa, Russiýanyň Kursk sebitine esger ugradandygyny tassyklady.
28 april 2025

Demirgazyk Koreýa, ilkinji gezek Russiýa esger ornaşdyrandygyny tassyklady. Demirgazyk Koreýanyň KJNA habarlar gullugy, resmi Phenýanyň esgerleriniň Moskwanyň Ukrainanyň gözegçiligi astyndaky topraklarynyň yzyna alynmagynda uly rol oýnandygyny we bu operasiýanyň Russiýanyň Kursk sebitinde geçirlendigini mälim etdi.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ýurduna esger ugradandygyny tassyklamagyndan birnäçe gün soň şeýle beýannamanyň berilmegi ünsleri özüne çekdi.

Günorta Koreýaly we Günbatarly razwetka gulluklary, Demirgazyk Koreýanyň geçen ýyl Kurska goldaw bermek üçin 10 müňden gowrak esger ugradandygyna ünsi çekýärdi.

Demirgazyk Koreýanyň harby komissiýasy KJNA-nyň habarnamasynda, “Ýaragly güýçlerimize degişli topar, Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň döwlet Ýolbaşçysynyň görkezmesi boýunça Kursk sebitiniň halas edilmegi opersiýasyna gatnaşdy” diýildi.

Habarnamada Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen İniň esger ugratma kararynyň iki ýurduň arasynda baglaşylan harby şertnama laýyklykda kabul edilendigi bellenildi.

KJNA görä, Kim, “Adalat üçin söweşýänleriň ählisi gahrymandyr we ene watanynyň buýsanjynyň wekilidir” diýdi we paýtagtda ýeňişiň hormatyna ýakynda ýadigärligiň guruljakdygyny aýtdy.

Merkezi harby komissiýa görä “Kursk sebitinde, Ukrainanyň Russiýa garşy guran hüjüminiň yzyna serpikdirilmegi operasiýasy ýeňiş bilen netijelendi”.

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Walery Gerasimow, şenbe güni Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň ýeňilişe sezewar edilmeginde Demirgazyk Koreýaly esgerleriň görkezen gahrymançylygy barada öwgüli sözler aýdypdy.

Emma Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Moskwanyň günbatar sebitiniň “halas edilendigini” öňe sürendigine garamazdan, Ukrainanyň harby goşunynyň Russiýanyň Kursk sebitinde söweşmäge dowam edýändigini aýdypdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us