April 27, 2025
Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen Köçe festiwalynda sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürmegi netijesinde ençeme adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy mälim edildi.
Wankuwer şäheriniň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanadta: “Şu gün agşam sagat 20:00-den gysga wagt ozal E41 köçesi bilen Fraser köçesinde geçirilýän Köçe festiwalynda sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürmegi netijesidne ençeme adam ýogaldy we köp sanda adam ýaralandy” diýip habar berildi.
Sürüjiniň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. Resmiler wakada näçe adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy barada entek anyk maglumat bermedi.